Türkmenistanda Arkadag şäheriniň açylyşy ýerine ýetirildi

Türkmenistanda döwrebap tehnologiýalar ulanylyp "akylly şäher" konsepsiýasyna laýyk ýagdaýda gurulan Arkadag şäheriniň açylyşy ýerine ýetirildi

2005240
Türkmenistanda Arkadag şäheriniň açylyşy ýerine ýetirildi

Ýurduň paýtagty Aşgabat şäheriniň 30 km günorta-günbatarynda ýerleşýän Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, Türkiyäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, 50-ä golaý ýurtdan ýokary derejeli ýolbaşçylar, ýurtdaky diplomatik missiýalaryň wekilleri, metbugat işgärleri we köp sanda myhman gatnaşdy. 

Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow şäheriň açylyşyny ýerine ýetirdi we myhmanlar bilen bilelikde şäheriň käbir binalaryna gezelenç etdi. 

Arkadag şäheriniň ilkinji tapgyrynda 70 müň adama niýetlenen 336 iki we köp gatly binalar bilen birlikde jemgyýetçilik, saglygy goraýyş, sport we medeni desgalar bilen inženereçilik ulgamlary ýaly döwrebap desgalar guruldy. 

Akylly şäher konsepsiýasyna laýyk ýagdaýda döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen we daşky gurşaw taýdan arassa hökmünde häsýetlendirilýän Arkadag şäherinde, elektrik tokda işleýän awtobuslar we ulaglar hyzmat berýär. 

Akylly şäher hökmünde häsýetlendirilen Arkadag şäheriniň statusy "Döwlet şäheri" hökmünde kanuna girizilipdi. 



Degişli Habarlar