TOGG ulaglary Türkmenistana dabara bilen gowşuryldy

Atly toparyň gatnaşmagynda geçirilen ýörişe TOGG ulaglary hem gatnaşdy

2005487
TOGG ulaglary Türkmenistana dabara bilen gowşuryldy
togg turkmenistan2.jpg
togg turkmenistan1.jpg
togg turkmenistan.jpg

Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr we TOGG-yň wekiliýeti, adyny Pamukgalanyň trawertinlerinden alýan ak reňkindäki 2 ulagy, dabara bilen Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhammedowa gowşurdy. 

Ulaglar Arkadag akylly şäheriň açylyş dabarasynda gowşuryldy. 

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhammedow TOGG-yň T10X modelini synagdan geçirdi we awtoulagy örän halandygyny belledi. 

Atly toparyň gatnaşmagynda geçirilen ýörişe TOGG ulaglary hem gatnaşdy. 

Iki aýry TOGG ulagynyň dabara gatnaşmagyna ýokary baha berildi, Prezident Rejep Taýýip Erdogana minnetdarlyk bildirdildi. 

Ministr Mehmet Fatih Kajyr beren beýanatynda akylly şäheriň açylyş dabarasynda türk inženerler tarapyndan akylly enjamlar ulanylyp öndürilen TOGG ulaglaryny gowşurmagyň örän manyly bolandygyna ünseri çekip: "Azerbaýjan we Gazagystandan soň Türkmenistana TOGG ulaglaryny gowşurandygymyza buýsanýarys. Ýöriş dabarasynda Prezidentimiziň hut öz ady tutuldy we TOGG ulaglarymyz hem dabara gatnaşdy. Ol hem biz üçin aýratyn bir buýsanç çeşmesi boldy. Öňümizdäki döwürde TOGG ulaglarynyň diňe Türkiyede däl, eýsem Türk Respublikalar we doganlyk geografiýalar başda bolmak bilen bütin dünýäde uly buýsanç bilen takdyr edilmäge dowam ediljekdigine ynanýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar