Türkmen Liderleri Özbegistanyň Prezidentini Gutladylar

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldular.

2009417
Türkmen Liderleri Özbegistanyň Prezidentini Gutladylar
TKM 3.jpg
TKM 2.jpg

Türkmen liderler Özbegistanyň Prezidentini möhletinden irki saýlawda gazanan üstünligi mynasybetli gutladylar. Telefon söhbetdeşlkiginde iki dostlukly  ýurduň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň işjeň dowam edýandigi beýan edildi. Şol çäkde ýylyň başyndan bäri höklümetara toparyň maslahatlary bilen ulaglar, energetika we medeniýet ugurlaryndan jogapkär ministrleriň duşuşyklarynyň üstünlikli geçendigi nygtaldy.

Taraplar telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň durnukly artýandygy bellenilip, köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we bilelikdäki taslamalaryň iş ýüzüne geçirilmegi boýunça ylalaşyldy.



Degişli Habarlar