Türkmenistan Hazarüsti turba geçiriji taslamasy barada beýannama berdi

Türkmenistan Hazarüsti gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşygyna päsgel berýän haýsydyr bir syýasy, ykdysady ýa-da maliýe faktoryň bolmandygyny habar berdi

2015894
Türkmenistan Hazarüsti turba geçiriji taslamasy barada beýannama berdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi halkara habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde türkmen tebigy gazyny günbatar ugry boýunça ibermek taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada teswirleriň üstünde durup geçdi. 

Türkmenistanyň Hazarüsti turba geçiriji gurluşygyny durmuşa geçirmek üçin tagalla edýändigi bellenen beýanatda: "Şol maksat bilen, degişli energetika edaralarynyň ýolbaşçylaryndan düzülen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmi döredildi" diýip habar berildi. 

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Hazarüsti gaz geçirijisiniň geljegi uly bolan taslamalarynyň sanawyna goşulmagynyň tebigy bir hadysadygy bellenen beýanatda, ady agzalan taslamanyň gurluşygynyň yzygiderli we amaly taýdan ilerledilýändigi beýan edildi. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi: "Türkmenistan gaz geçirijiniň gurluşygyna päsgel berýän syýasy, ykdysady ýa-da maliýe sebäpler ýokdugyna berk ynanýar. Eýsem, Hazarüsti turba geçirijisi ykdysady nukdaý nazardan esaslandyrylan, Ýewraziýada energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde ep-esli goşant goşup biljek, üstaşyr geçirýän tarapyň aýdyň bähbitlerini we gyzyklanmalaryny berjaý etmek bilen, ýewropaly sarp edijiler üçin çig mal çeşmelerine uzakmöhletleýin we üznüksiz elýeterliligi üpjün etjek hakyky taslama bolup durýar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar