Türkmenistan: Trans-Hazar hyzmatdaşlygyna taýardyrys

Raşid Meredow Hazar deňizine kenary bolan goňşy ýurtlar we sebitden daşary bolan döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürmegi maksat edinýändiklerini habar berdi

2023830
Türkmenistan: Trans-Hazar hyzmatdaşlygyna taýardyrys

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Trans-Hazar tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň durmuşa geçirilmegi meselesinde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny habar berdi. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Haza deňizi güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen "Hazar deňizi Parahatçylyk we Dostluk deňizi" atly forumda çykyş etdi. 

Hazar deňizi gününiň umuman alanyňda Türkmenistanyň tagallalary bilen halkara çäreleriň senenamasyna girizilendigini aýdan Raşid Meredow: "Ýurdumyz Hazaryň gün tertibindäki ähli meselelerde hyzmatdaşlar bilen diýaloga taýar, tapawutly garaýyşlaryň we konstruktiw teklipleriň maslahatlaşylmagyna açykdyr" diýip belledi. 

Raşid Meredow Hazar deňizine kenary bolan goňşy ýurtlar we sebitden daşary bolan döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürmegi maksat edinýändiklerini habar berdi. 

Energetika pudagynda diwersifikasiýa strategiýasyna bagly bolan Türkmenistanyň Trans-Hazar tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýardygyny aýdan Meredow, onuň diňe ykdysady we söwda taýdan durmuşa geçirilýän bir taslama bolmandygyny, şol bir wagtda bähbitleriň we peýdalaryň deňlik esasynda üns berilmegi esasynda global energetika howpsuzlygynyň we dowamlylygynyň üpjün edilmegi üçin möhüm şert hökmünde kesgitlenilip bilinjekdigini beýan etdi.



Degişli Habarlar