Berdimuhammedow BMG-nyň Baş sekretarynyň ýörite wekilini kabul etdi

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeni kabul etdi

2024842
Berdimuhammedow BMG-nyň Baş sekretarynyň ýörite wekilini kabul etdi
Berdimuhamedov, BM Genel Sekreteri Özel Temsilcisini Kabul Etti 2.jpg
Berdimuhamedov, BM Genel Sekreteri Özel Temsilcisini Kabul Etti 3.jpg

Dünýäde parahatçylygyň güýçlendirilmegi üçin Türkmenistanyň goşýan goşantlaryna ünsleri çeken Kaha Imnadze ýurduň işjeň ýagdaýda BMG bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigini habar berdi.

Merkezi Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine bellenen Kaha Imnadze, wezipä başlamagyndan soň Türkmenistanyň Döwlet baştutany tarapyndan kabul edildi.

Awazada geçirilen duşuşykda Serdar Berdimuhamedow, BMG bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň we geriminiň giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutuýan ugurlarynyň biridigini beýan etdi. Sebit merkeziniň deňsiz-taýsyz işleriniň Türkmenistanda üstünlik bilen dowam etdirjekdigine ynanýandygyny belledi.

Kaha Imnadze Bitaraplyk statusy bolan Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň güýçlendirilmegine, özara düşünişmäge we ynam atmosferasyny ýola goýmaga we işjeň syýasy-diplomatik diýalogyň ösdürilmegine durnukly ýagdaýda goşant goşýandygyny habar berdi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, goňşy döwletleriň we Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldawy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda Aşgabatda döredildi. Merkez Orta Aziýa ýurtlarynyň gyssagly meselelerini maslahatlaşýar, diplomatiýany ýola goýup, düşünişmezçilikleriň ortadan aýyrlamgy ugrunda täsirli rol eýeleýär.



Degişli Habarlar