Türkmen tebigy gazyna talap artýar

Tebigy gaz ätiýajy boýunça dünýäde 4-nji orunda duran Türkmenistanyň tebigy gazyna talap bildirýän ýurtlaryň sany golaýlap gelýän gyş möwsümi bilen birlikde günsaýyn artýar

2030676
Türkmen tebigy gazyna talap artýar
Türkmen Doğalgazına Talep Artıyor 2.jpg
Türkmen Doğalgazına Talep Artıyor 3.jpg
Türkmen Doğalgazına Talep Artıyor 4.jpg
Türkmen Doğalgazına Talep Artıyor 5.jpg
Türkmen Doğalgazına Talep Artıyor 6.jpg

Şu günki güne çenli Hytaýa akýan türkmen tebigy gazynyň mundan beýläk Türkiyäniň üstaşyr Wengriýa we Eýranyň üstaşyr Yraga ugradylmagy meýilleşdirilýär.

Orta Aziýada iň köp tebigy gaz eksport edýän ýurt bolan Türkmenistan, golaýlap gelýän gyş möwsüminden ozal barha artýan içerki we daşarky talaplary kanagatlandyrmak isleýär.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maglumat beren Energetika ministri Batyr Amanow, ýylyň ilkinji 7 aýynda tebigy gaz önümçiliginiň 109 göterim, tebigy gaz eksportynyň bolsa 114 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Gyş möwsüminde tebigy gaz zerurlygynyň artýandygyny aýdan türkmen lider içerki we daşarky bazarlara arakesmesiz ýagdaýda tebigy gaz bilen üpjün etmek üçinn eýýäm häzirki wagtdan taýarlykly bolmagyň ähmiýetini nygtap geçdi.

Häzirki wagtda türkmen tebigy gazynyň iň uly alyjysy bolan Hytaýa 3 aýry liniýa boýunça Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen gaz eksport edilýär. Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystandan geçjek 4-nji liniýanyň tamamlanmagy bilen ýylda 65 milliard kub metr tebigy gazyň Hytaýa ugradylmagy meýilleşdirilýär.

Türkmen gazyna beýleki ýurtlardan hem talap artýar. Geçen birnäçe gün ozal duşuşyk geçiren Türkmenistanyň we Özbegistanyň Energetika ministrleri ýyllyk 2 milliard kub metr tebigy gazyň Özbegistana ugradylmagy babatynda ylalaşyga geldiler. 

Beýleki tarapdan bolsa Wengriýanyň Daşary işler ministri Peter Siýýarto türkmen tebigy gazynyň Wengriýa we Ýewropa ýurtlaryna Türkiyäniň üstaşyr eksport edilmegi bilen baglanşykly syýasy ylalaşygyň gazanylandygyny aýdan bolsa, Yragyň Nebit we gaz ministri Azat Sabre hem Türkmenistandan Yraga tebigy gaz eksporty babatynda şu ýylyň ahyryna çenli ylalaşyga gelinjekdigini habar berdi.

Energetika pudagyndaky ýene-de bir möhüm taslama bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan tebigy gaz geçiriji turba taslamasynda hem ýol kartasynyň kesgitlenmegi üçin iş topary döredildi.



Degişli Habarlar