Türkmenistanyň Prezidenti Türkiyä ilkinji resmi saparyny gurar

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow 25-26-njy oktýabr aralygynda Türkiyä ilkinji resmi saparyny amala aşyrar

2055645
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiyä ilkinji resmi saparyny gurar

Saparda Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirjek Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugurlary bilen birlikde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşar. 

Garaşsyzlygyny 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda alan Türkmenistany ilkinji bolup ykrar eden ýurt 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkiye boldy. 

Türkmenistan bilen Türkiye Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýulypdy. 

Umumy taryhy, dini we medeniýeti paýlaşýan iki doganlyk ýurduň we halkyň arasynda "Bir millet, iki döwlet" esasynda deňagramlylyga, ikitaraplaýyn hormada we hyzmatdaşlyga esaslanýan ýörite gatnaşyklar bolmak bilen birlikde, daşary syýasat, söwda, ykdysadyýet, medeniýet we bilim başda bolmak bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dowam edýär. 

Türkmenistan türk kärhanalarynyň Russiýadan soň iň köp iş alyp barýan ikinji ýurt hökmünde ünsleri özüne çekýär. 

Türkiye-Azerbaýjan-Türkmenistan Döwlet baştutanlarynyň sammitiniň ilkinjisi 2022-nji ýylda Türkmenistanda geçirilipdi, sammitiň çäginde energetika ugrunda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we tebigy gaz üpjünçiliginiň aýratyn ähmiýetine ünsler çekildi. 

Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda, türkmen tebigy gazynyň Türkiyäniň üstaşyr Ýewropa satyljakdygyny beýan edipdi. 



Degişli Habarlar