Türkmen-Türk Gatnaşyklary Pugtalanýar

Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşdy.

2055971
Türkmen-Türk Gatnaşyklary Pugtalanýar

Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz, düýn Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşdy.

Paýtagt Ankarada, Prezidentiň Kompleksinde bolan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Palestina-Ysraýyl çaknyşygy barada durup geçen Prezidentiň orunbasary Ýylmaz, Türkiýäniň meseläniň çözülmegi üçin diplomatiýa taýdan uly tagalla edýändigini we dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda ähli guramalaryň elinden geleni edýändiklerini belledi.

Atdaýew hem Palestina-Ysraýyl çaknyşygyna gynanç bildirýändiklerini we parahatçylygyň ýola goýulmagyny arzuw edýändiklerini belledi.



Degişli Habarlar