Türkmenistany Türki Döwletleriň Guramasynda Doly Agza Hökmünde Görmek Isleýäris

Prezident Erdogan Türkmenistany Türki döwletleriň guramasyna doly agza hökmünde görmek isleýändiklerini beýan etdi.

2056535
Türkmenistany Türki Döwletleriň Guramasynda Doly Agza Hökmünde Görmek Isleýäris
Berdimuhamedov-Erdogan1.jpg
Berdimuhamedov-Erdogan.jpg

 

Prezident R.T.Erdogan Türkmenistany Türki döwletleriň guramasyna doly agza hökmünde görmek isleýändiklerini beýan etdi.

Erdogan Türkiýä resmi sapar bilen gelen Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen Prezidentiň kompleksinde ikiçäk duşuşyk geçirdi.

Iki ýurduň arasyndaky wekiliýetleriniň duşuşygyndan soň Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ugurlar boýunça ylalaşyklara gol çekişildi.

Ylalaşyklara gol çekişilmeginden soň Erdogan we Berdimuhamedow bilelikde metbugata beýannama berdiler.

Prezident Erdogan saparyň, Berdimuhamedowyň wezipä gelmeginden soň Türkiýä guran ilkinji resmi sapary bolmagy taýdan aýratyn ähmiýete eýedigine ünsi çekip; “Umumy taryhdan, dilden, dinden we medeniýetden gözbaş alýan gatnaşyklarymyz özara sarpa goýmak, hyzmatdaşlyk, hyzmatdaşlyk we ikitaraply bähbit esasaynda günsaýyn hasam güýçlenip, ösýär” diýdi.

Duşuşyklarda iki ýurduň gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn seljerendiklerini, hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Erdogan, Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň hemeşik bitaraplyk derejesine laýyklykda Gazanyň başda durmagynda sebitiň başdan geçirýän aktual meseleleri hakynda pikir alyşandyklaryny beýan etdi.

Türkmenistan bilen ençeme ugurda birmeňzeş garaýyşa eýediklerini aýdan Erdogan; “Dünýäde we esasanda sebitimizde başdan geçirilýän wakalar, Türki döwletleriň guramasynyň çäginde birleşmegimiziň ähmiýetini hem görkezýär. Türki döwletleriň guramasyna synçy agza bolup durýan Türkmenistany indi maşga mejlisimizde doly agza hökmünde görmek isleýändigimizi ýene-de bir gezek nygtasym gelýär” diýdi.

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt bolan Türkiýäniň garaşsyzlygyndan bäri elmydama türkmen doganlarynyň ýanynda durandygyny, onuň şeýle bolmaga dowam etjekdigini aýdan Erdogan, gol çekişilen 13 ugurdaky ylalaşyklar bilen Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasyndaky güýjüň näderejelere ýetendiginiň görülýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem dostluk, özara sarpa goýmak, deňlik esasyndaky strategik häsýetli türkmen-türk hyzmatdaşlygyny gelejekde-de ösdürmäge güýçlendirmäge bolan islegiň tassyklanandygyny beýan etdi.

Berdimuhamedow, Erdogan bilen türkmen tebigy gazynyň we elektrik togunyň Hazar deňiziniň üstaşyr Türkiýä ýetirilmegi hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Berdimuhamedow şeýle hem özara söwda mukdarynyň artdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekilendigini aýtdy.

Prezident Erdogan Berdimuhamedowyň hormatyna resmi agşam naharyny berdi.



Degişli Habarlar