Türkmenistanda Respublikanyň 100-nji ýyly dabara bilen bellenilip geçilýär

Türkmenistanda Türkiye Respublikanyň 100-nji ýyly dabara bilen bellenilip geçilýär

2057340
Türkmenistanda Respublikanyň 100-nji ýyly dabara bilen bellenilip geçilýär
Türkmenistan’da Cumhuriyet’in Yüzüncü Yılı Coşkuyla Kutlandı  2.jpeg
Türkmenistan’da Cumhuriyet’in Yüzüncü Yılı Coşkuyla Kutlandı  3.jpeg
Türkmenistan’da Cumhuriyet’in Yüzüncü Yılı Coşkuyla Kutlandı  4.jpeg
Türkmenistan’da Cumhuriyet’in Yüzüncü Yılı Coşkuyla Kutlandı  5.jpeg

Türkiye Respublikasynyň yglan edilmeginiň 100-nji ýyly mynasybetli Aşgabat şäherindäki Umumy Türkmen-Türk mekdebi tarapyndan dabara geçirildi.

Dabara türk we türkmen raýatlar uly gyzyklanma bildirdiler.

Dabara Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral tarapyndan beriljek Respublika baýramy bilen bagly kabul edilşik bilen dowam eder.

Respublika baýramy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki Umumy Türkmen-Türk mekdebi tarapyndan geçirilen dabara bilen başlady. Çärä Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen birlikde Türkmenistanda iş alyp barýan tapawutly guramadyr-edaralaryň wekilleri, okwuçylar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar.

TRT-niň Aşgabat şäherindäki wekili Ugur Sami Gezer: “Respublikanyň 100-nji ýylynda Türkmenistanda ýürekler Türkiye bilen bilelikde urdy. Respublika baýramy bilen bagly şüweleňler Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki Medeniýet merkezinde geçirildi” diýip habar berdi.

Hormatly dymyşlykdan we Milli senanyň ýerine ýetirilmeginden soň çykyş eden Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Respublikanyň ynanç bilen, tutanýerlilik bilen we milletiň jebislik bilen esaslandyrylandygyny beýan etdi. Atatürkiň entek Erzurum kongresi geçirilmeden ozal Respublikany esaslandyrmak pikirine eýe bolandygyny habar berdi.

Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral: “1921-nji ýyldaky konstututsiýada Häkimiýet şertsiz millete degişlidir we milletiň ykbalyny kesgitlemek hukugy milletiň özüne degişlidir diýilýär. Entek Respublika esaslandyrylmadan ozal, Respublikanyň guruljak iň esasy aýratynlygy kesgitlenýär. Bu, Atatürkiň demokratiýa bolan ynamynyň bir görekzijisidir” diýip belledi.

Dabara okuwçylaryň mugallymlar bilen bilelikde taýarlan çäreler bilen dowam etdi. Çärä Aşgabat şäherinde ýaşaýan türk we türkmen raýatlar uly gyzyklanma bildirdi.

Halk suratkeşi Mehmetnur Öwezmuhammed: “Men şu gün örän bagtyýar, ýörite bir baýram, 100 ýylyň örän uly bir manysy bar. Türk halky nusgawy döwletini 100 ýyl ozal esaslandyrdy. Bütin türk halkyny tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Ýene-de ençeme asyra, saglyk we üstünlik dileýärin” diýdi.

Dabaralar Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň rezidensiýasynda geçiriljek Respublika baýramy bilen bagly kabul edilşikde dowam eder. Ilçi Togan Oral ol ýerde ýurtda iş alyp barýan daşary ýurt missiýalaryň wekilleriniň gutlaglaryny kabul eder.



Degişli Habarlar