Türkmen Liderler Respublikanyň 100 Ýyllygyny Gutladylar

Aşgabatda Türkiýe-Türkmenistan gatnaşyklary hakynda möhüm beýanatlar berildi.

2057878
Türkmen Liderler Respublikanyň 100 Ýyllygyny Gutladylar
TKM TC 2.jpeg
TKM TC 3.jpeg
TKM TC 4.jpg
TKM TC 5.jpg

Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň kabulhanasynda berilen baýramçylyk bankedinde çykyş eden İlçi Togan Oral, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdarynyň soňky 4 ýylda 3 esse artandygyny aýtdy. Türkmen liderler hem hem Prezident Erdogana ugradan ýüzlenmelerinde Respublikanyň döredilen gününiň 100 ýyllygy bilenb gutladylar.

Respublikanyň yglab edilmeginiňb 100 ýyllygy mynasybetli Aşgabatdaky İlçihananyň kabulhanasynda baýramçylyk bankedi berildi. İlçi Togan Oralyň beýemçilik etmeginde berilen bankede Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, daşary ýurtlaryň ilçileri bilen halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Iki ýurduň milli mukamlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlan çärede çykyş eden Oral, respublikanyň 100 ýyllygyny atawatan Türkmenistanda belläp geçmegiň bagtyýarlygyny başdan geçirýandigini aýtdy. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdarynyň soňky 4 ýylda 3 esse artandygyny beýan etdi.

Batyr Atdaýew hem Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk edýän 100-den gowrak ýurduň arasynda birinji orunda durýandygyny aýtdy. “İki döwlet, bir millet” düşünjesi bilen dowam edýän doganlyk gatnaşyklarynyň özeninde umumy gelip çykyşyň, ruhy gymmatlyklaryň, diliň we däp-dessurlaryň bardygyny beýan etdi.

Çärede R.T.Erdoganyň ýüzlenmesi okaldy we Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan taýýarlanan wideo klip bilen respublika ýyllarynda gazanylan üstünlikler görkezildi.

Beýleki tarapdan döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow Respublikanyň 100 ýyllygy mynasybetli Prezident R.T.Erdogana gutlag ýüzlenmesini ugratdylar. “Ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine goşan şahsy goşandyňyza kanagatlanma bildirýäris” diýilýän ýüzlenmede, Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä guran soňky üstünlikli resmi saparynyň türkmen-türk dostluk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa açjakdygyna bolan ynam beýan edildi.

 



Degişli Habarlar