Türkmenistan Palestina Ynsanperwer Kömegini Ugratdy

Bu barasynda Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

2062507
Türkmenistan Palestina Ynsanperwer Kömegini Ugratdy
Turkmenistan Filistin 1.jpg

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Palestinanyň halkyna we palestinaly çagalara ynsanperwer kömegi ugradyldy.

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda başladylan ynsanperwer kömek kampaniýasyna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Dokman senagaty ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi bilen Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Haýyr-sahawat gaznasy goldaw berdi.

Palestina tarapyna derman, lukmançylyk enjamlary we ýaşaýyş üçin gerek bolan önümler ugradyldy.



Degişli Habarlar