Aşgabatda CASCA+Transport maslahaty geçirildi

Aşgabat şäherinde Halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgesine agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi

2065307
Aşgabatda CASCA+Transport maslahaty geçirildi
Aşkabat’ta CASCA   Ulaşım Toplantısı Yapıldı 2.jpeg
Aşkabat’ta CASCA   Ulaşım Toplantısı Yapıldı 3.jpeg
Aşkabat’ta CASCA   Ulaşım Toplantısı Yapıldı 4.jpeg

Maslahatda demir ýol liniýalarynyň ugrunda logistika hyzmatlary ele alyndy, bu ugurda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi barada karara gelindi.

Halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgesine agza ýurtlar bolan Türkiye, Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa ýaly döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary bilen logistika kärhanalarynyň wekilleri Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde bir ýere jemlendiler.

“Aziýa-Ýuwaş umman sebiti – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa” (CASCA+) başlangyjynyň maslahatynda konteýner ýük daşamagyň göwrüminiň artdyrylmaghy barada karara gelindi. Maslahatda logistik gurluşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi, transport geçelgeleriniň işjeňleşdirilmegi, gury ýer, deňiz, demir we howa ýollary ýük daşamak pudaklaryndaky transport mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi üçin tejribeleriň paýlaşylmagynyň üstünde durulyp geçildi.

Kömür, ýangyç, dökün, kükürt, nebit önümleri, şeker we bagassa ýaly tapawutly önümler bilen birlikde ýüksüz konteýnerler üçin ýörite tarif ulgamyny girizmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistandan Orta Aziýa-Kawkaz-Anadoly ýolundan geçen ýyl 9 müň import, 12 müň eksport we 9 müň tranzit konteýner daşaldy.



Degişli Habarlar