Berdimuhamedow Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Türkemenistanıň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

2079746
Berdimuhamedow Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Serdar Berdimuhamedow söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. 

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.



Degişli Habarlar