Türkmenistan, Hytaýyň Territorial Bitewiligine Goldaw Berýär

"Hytaý Halk Respublikasynyň hökümeti tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýek-täk legal hökümet"

2088980
Türkmenistan, Hytaýyň Territorial Bitewiligine Goldaw Berýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýek-täk legal hökümetdigini mälim etdi.

Daşary işler ministrliginiň mesele baradaky ýüzlenmesinde “Halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik bitaraplyk stutusyna eýe bolan Türkmenistanyň, daşary syýasatyny halkara hukugyna laýyklykda alyp barýandygy”nygtaldy. BMG-nyň esasy ýörelgelerinden biri bolan döwletleriň territorial bitewiligine sarpa goýmak ýörelgesiniň çäginde Türkmenitýanyň, “Bir Hytaý” ýörelgesine güýçli goldaw berýändigi bellenildi.

 Bu beýannamanyň Hytaý bilen özygtyýarlyk meselesinde düşnüşmezligi başdan geçirýän Taýwanda 13-nji ýanwarda geçirlen prezident we parlament saýlawlaryndan soň berilmegi ünsleri özüne çekdi.



Degişli Habarlar