Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tokio şäherine iş saparyny gurady

2092952
Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
Türkmenistan Japonya ile İşbirliğini Artırıyor 2.jpeg
Türkmenistan Japonya ile İşbirliğini Artırıyor 3.jpeg

Saparyň çäginde iki ýurduň arasyndaky söwda, syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň özgerdilmegi meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan açyk gapylar syýasatynyň çäginde özgerden dünýä döwletleri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär. Orta Aziýa we Ýakyn Gündogar döwletlerinden soň Türkmenistanyň daşary işleri ministri indi bolsa ugruny Uzak gündogar döwletlerine gönükdirdi.

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikaw bilen Tokio şäherinde duşuşyk geçiren Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iki ýurduň arasynda köp taraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Ýoko Kamikawa hem energiýanyň öwrülmegi meselesinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýändiklerini habar berdi.

Geçirilen duşuşykda energetika, söwda, ylym we bilim babatynda umumy taslamalaryň ösdürilmegi barada karara gelindi. Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2024-2026 ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekildi.

Ady agzalan Hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň çäginde uniwersitetleriň arasynda akademiki taýdan umumy işler, iki ýurduň kärhanalarynyň ikitaraplaýyn häsýetde ofis açyp bilmekleri, dekarbonizasiýa ugrunda ýaşyl energiýanyň özgerdilmegi ugurlary bar.



Degişli Habarlar