Orta Koridoryň Merkezindäki Transport Maýa Goýumlary

Orta koridoryň ähmiýetiniň artmagy bilen Türkmenistanda transport infrastrukturasy üçin köp sanly taslama durmuşa geçirildi

2096749
Orta Koridoryň Merkezindäki Transport Maýa Goýumlary
Orta Koridorun Merkezinde Ulaşım Yatırımları 2.jpeg
Orta Koridorun Merkezinde Ulaşım Yatırımları 3.jpeg
Orta Koridorun Merkezinde Ulaşım Yatırımları 4.jpeg
Orta Koridorun Merkezinde Ulaşım Yatırımları 5.jpeg
Orta Koridorun Merkezinde Ulaşım Yatırımları 6.jpeg
Orta Koridorun Merkezinde Ulaşım Yatırımları 7.jpeg

Orta Aziýa ýurtlaryndan geçýän ulag ýollary durnukly we howpsuz transporty ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler hödürleýär. Orta koridoryň ähmiýetiniň artmagy bilen Türkmenistanda transport infrastrukturasy üçin köp sanly taslama durmuşa geçirildi.

Türkmenistan Taryhy Ýüpek ýoluny janlandyrjak orta koridor taslamasynyň esasy ýurtlarynyň biridir. Demirgazykda Russiýa-Ukraina söweşi we günortadaky Ysraýyl-Eýran dartgynlygy orta koridoryň ähmiýetini hasam artdyrdy we Trans-Hazar Transport Koridory Ýewropa bilen Orta Aziýany biri-biri bilen birleşdirýän ygtybarly ýola öwrüldi. Orta koridory has netijeli ýagdaýa öwürmek we logistika kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen ýurtdaky transport infrastrukturasynyň durky täzelenýär.

Halkara gatnaşyklar institutynyň Ykdysadyýet bölüminiň müdüri Perhat Çaryýew: “Döwlet baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Aşgabat we Kerki howa menzilleri we Hazar deňzindäki Türkmenbaşy porty türk we türkmen kärhanalarynyň hyzmatdaşlyk etmeginde açyldy. Şeýle hem portda ýylda 4 gäminiň guruljak we 20 gäminiň abatlanjak ussahana gurulýar. Balkan, Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlarynda dürli terminallar döredildi. Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunda bolsa Mary welaýatyna çenli bolan bölümi tamamlandy" diýip habar berdi.

Howa menzilleriniň göwrüminiň 3800 ýolgaça ýetirilmegi meýilleşdirilýär, uzynlyklary 5 müň km ýetjek awtoulag ýollarynyň täzeleri gurulýar. Bu taslamalar bilen ýük eksportyndaky ähli şertleriň kanagatlandyrylmagy maksat edinilýär.

Halkara gatnaşyklar institutynyň Ykdysadyýet bölüminiň müdüri Perhat Çaryýew: “Günbatar tarapynda bolan Türkiye, gündogar tarapynda bolan Türkmenistan orta koridoryň esasy ýurtlaryndandyr. Koridor ýurtlaryň özara bähbitlerini goraýar we girdejilerini artdyrýar. Ýüpek ýoluny ýaňadandan janlandyrjak bu taslama bilen, Türki Dilli Respublikalarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar ýokarlanýar, ýurtlaryň söwda mukdary ýylsaýyn artýar. Sebitdäki ähli ýurtlar Hytaýdan Ýewropa çenli uzap gidýän milliardlarça dollarlyk söwda gatnawyndan peýdalanýarlar” diýip mälim etdi.

Gurulyp ulanylmaga berilen maýa goýum taslamalarynyň arasynda ünsleri özüne çekýänleriň biri bolan, Ýewropa-Aziýa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşýän we 2023-njy ýylda ýaşyl port statusyna eýe bolan Türkmenbaşy portudyr. Bahasy 1,5 milliard dollar bolan portuň ýyllyk kuwwaty 17 million tonna. Hünärmenler, Türkmenbaşy portunyň Orta Aziýa ýurtlary üçin möhüm baglanyşyk üpjün edýändigini we ykdysady taýdan amatly söwda ýoluny hödürleýändigini belleýärler. Durnukly maýa goýumlaryny maliýeleşdirmegiň köp bölegi döwlet tarapyndan amala aşyrylýar.



Degişli Habarlar