Erdogan Berdimuhamedow Bilen Duşuşdy

Prezident R.T.Erdogan Türkmenistanyň Milli Lideri we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

2109795
Erdogan Berdimuhamedow Bilen Duşuşdy
erdoğan radev.jpg

Erdogan Antalýa Diplomatiýa forumyna gatnaşýan döwlet we hökümet başlyklary bilen duşuşyklaryna başlady.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä duşuşykda Türkiýe bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklary, sebitleýin we global meseleler bilen Ysraýylyň bigünä ilata edýän ulgamlaýyn hüjümleri hakynda pikir alyşyldy.

Erdogan Türkmenistan bilen ähli ugurlarda iki ýurt üçin hem bähbitli bolan ikitaraply başlangyçlaryň dowam etdirilmegi we iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 5 milliard dollara ýetirilmegi üçin tagallanyň güýçlendirilmelidigini beýan etdi.

Prezident Erdogan duşuşykda Ysraýylyň azyk kömegini almak üçin garaşýan asuda ilata guran hüjüminiň kabuledilmesizdigini, sebite ugradylýan ynsanperwer kömekleri artdyrmak üçin Türkiýe bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk edip biljekdigini aýtdy.

Duşuşykda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda “Tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hakyndaky özara hyzmtdaşlyk ähtnamasyna”, “Nebnit we tebigy gaz pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama” we Türkmenistanyň howaýollary bilen Türk awiasiýa guramasynyň uniwersitetiniň arasynda ylalaşyga” gol çekişildi.

Duşuşykdan öň Prezident Erdogana Türkmenistan tarapyndan doglan güni mynasybetli “Türkmen halkynyň hormatly il ýaşulysy” diýlen hormatly adyň dakylmagy hakynda şahadatnama we sowgat gowşuryldy.

Erdogan myhmany Gurbanguly Berdimuhamedowa sagbolsun aýtdy.

Erdogan forumyň çäginde Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radew bilen hem duşuşdy.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Prezident Erdogan duşuşykda Türkiýe bilen Bolgariýanyň arasynda esasanda goranyş we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem-de beýleki ugurlarda-da gatnaşyklaryň güýçlendirilmeginiň möhümdigini beýan etdi.

Erdogan Türkiýäniň Bolgariýa bilen gara ýoly arkaly suwklandyrylan gaz eksporty, tejribe alyşmak we gaýtadan işlenýän energiýa pudaklaryna hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Prezident Erdogan duşuşykda Türkiýäniň hem Ukraina-Russiýa hem-de Ysraýyl-Palestina meselelerinde çaknyşyklaryň sebite ýaýramagynyň öňüni almagy iler tutýandygyny, meseleleriň dialog we parahatçylyk arkaly çözülmegi üçin ýokary tagalla edýändigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar