Myratgeldi Söýegow Türkmen dili boýunça Halkara maslahatda çykyş etdi

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, professor Myratgeldi Söýegow maslahatyň açylyşynda sözlän sözünde türkmen dili boýunça guralan maslahatyň iňňän möhümdigini nygtap, ony guranlara öz minnetdarlygyny bildirdi. Akademik M. Söýegow çykyşynda türkmen dili, onuň taryhy, dilçi alymlar barada giňişleýin maglumat berdi.