Hytaý Türkiýe üçin otly taslamasynyň üstünde işleýär

Hytaý Türkiýeden geçip Germaniýa barjak tizligi ýokarlandyrlan iki otly taslamasynyň üstünde işleýär

65080
Hytaý Türkiýe üçin otly taslamasynyň üstünde işleýär

Hytaýyň biri ABŞ-dan, beýlekisi hem Türkiýeden geçip Germaniýa barjak tizligi ýokarlandyrlan iki otly taslamasynyň üstünde işleýändigi nygtalýar.

Ýurduň resmi neşirýat organlaryndan “Beižing Taýmesiň” Hytaýyň inženerçilik akademiýasynyň hünärmeni Wang Mingşua esaslanýan habarynda Ýuwaş ummanynda guruljak tuneli hem öz içine aljak taslama bilen otlynyň Mançurýa-Sibir-Alýaska-Kanadanyň üstü bilen ABŞ-na barjakdygy nygtaldy.

Ady agzalýan taslamanyň çäginde Hytaýyň we Russiýanyň hyzmatdaşlyk etmäge we meseläni giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga taýardygy nygtaldy.

Dünýäniň iň uzyn demir ýoly bolan üç müň kilometrlik Trans-Sibir liniýasyndan 10 müň kilometr has uzyn bolmagy göz öňünde tutulýan taslama bilen Hytaýdan ABŞ-na sagatda 350 kilometrlik ýolyň geçirilmegi arkaly 2 günde barylmagyna garaşylýar.

Taslama Russiýanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň nähili garaýandygy hakynda maglumat berilmedi.

Hytaýyň mundan başgada tizligi ýokarlandyrlan 3 otly taslamasynyň üstünde işleýändigi nygtaldy.

Şolaryň arasynda Sinjan Uýgur Awtanomiýasynyň paýtagty Urumçiden başlap Gazagystanyň-Özbegistanyň-Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üsti bilen Germaniýa barjak demirýol taslamasy hem ýer alýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar