Türkiýäniň dünýä eksportyndaky paýy ilkinji gezek 1 göterimden artdy
Türkiýäniň dünýä eksportyndaky öz üstüne düşýän paýy ilkinji gezek 1 göterimden hem ýokarlady
1721746
Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş, Türkiýäniň dünýä eksportynda öz üstüne düşýän paýynyň Respublika taryhynda ilkinji gezek 1 göterimden hem ýokary galandygyny mälim etdi.
Mehmet Muş, sosial media hasabyndan Türkiýäniň dünýä eksportyndaky paýy bilen bagly beýanat berip: "Bu görkeziji 1980-nji ýylda 0,14 göterimdi, 2000-nji ýylda 0,43 göterimdi. Indi türk önümleri dünýäniň dört künjegine eksport edilýär. Bu Türkiýäniň üstünligi" diýip belledi.
Degişli Habarlar
Polat Önümçiligi 4,4 Göterim Artdy
Türkiýäniň çig polat önümçiligi, aprel aýynda 4,4 göterim artyp 2,8 million tonna ýetdi.