Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzilleriniň hatarynda

Stambul howa menzili 13-19-njy noýabr aralygynda gündelik ortaça 1297 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzilleriniň biri boldy

2071600
Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzilleriniň hatarynda

Eurokontrol edarasynyň 13-19-njy noýabr aralygyndaky Ýewropanyň Awiasiýa habarnamasy çap edildi. 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň başlan ýyly bolan 2019-njy ýyldan ozalky uçar saparlarynyň sanyndaky üýtgeşmeleriň üstünde durulyp geçilen habarnama görä, Stambul howa menzili şol wagt aralygynda uçar saparlarynyň sanyny 12 göterim artdyrmagyň hötdesinden gelen Ýewropadaky ýeke-täk howa menzili boldy. 

Stambul howa menzili 13-19-njy noýabr aralygynda gündelik ortaça 1297 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzilleriniň biri boldy. 



Degişli Habarlar