Awtoulag Satuwlarynda Rekord Derejä Ýetildi

Türkiýede awtoulag satuwy ýylyň 11 aýynda 2022-nji ýylyň degişli döwrüne görä 60,8 göterim ýokarlap, 1,073,982-ä ýetdi we ähli döwürleriň ýyllyk rekody goýuldy.

2072315
Awtoulag Satuwlarynda Rekord Derejä Ýetildi

Mundan ozalky iň ýokary satuw mukdary 983,720-ä barabar bolup, 2016-njy ýylda amala aşypdy.

Ýylyň 11 aýynda awtoulag satuwlary 66,2 göterim ýokarlap, 840,925, ýeňil söwda ulaglary bolsa 43,7 göterim ýokarlap, 233,057-ä ýetdi.

Noýabr aýynda bolsa awtoulag satuwy geçen ýylyň degişli aýyna görä 39,8 göterim ýokarlap, 115,040-a ýetdi.



Degişli Habarlar