3 Aýda 572 Million Dollarlyk Funduk Eksport Edildi

Üç aýda 83 müň 650 tonna funduk eksport edilip 572 million 881 müň 387 dollarlyk girdeji gazanyldy

2072374
3 Aýda 572 Million Dollarlyk Funduk Eksport Edildi

Türkiýeden, 2023-2024 funduk eksport möwsüminiň ilkinji üç aýlyk döwründe 572 million dollarlyk funduk eksport edildi.

Gara deňiz funduk we funduk önümleri bileleşiginden berlen ýazmaça beýannamada, 1-nji sentýabrda başlan 2023-2024 funduk eksport möwsümi hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, “Sentýabr aýynyň 1-i bilen noýabr aýynyň 30-y aralygynda 83 müň 650 tonna funduk eksport edilip 572 million 881 müň 387 dollarlyk girdeji gazanyldy. Geçen ýylyň ady agzalýan döwründe bolsa 95 müň 474 tonna funduk eksport edilip 536 million 339 müň 147 dollarlyk girdeji gazanylypdy” diýildi.


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #funduk

Degişli Habarlar