Ançous Eksporty 20 Göterim Artdy

Türkiýeden 11 aýda 2 müň 479 tonna ançous balygynyň eksport edildi

2073897
Ançous Eksporty 20 Göterim Artdy

Türkiýeden ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 12 million 202 müň 980 dollarlyk ançous balygy eksport edildi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed Hamdi Gürdogan, Türkiýeden 11 aýda 2 müň 479 tonna ançous balygynyň eksport edilendigini aýtdy.

Ady agzalýan eksportdan 12 million 202 müň 980 dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Gürdogan, eksportyň geçen ýylyň 11 aýlyk döwrü bilen deňeşdirilende 20 göterim ýokarlandygyny belledi.

11 aýda 25 ýurda ançous balygynyň eksport edilendigini aýdan Gürdogan “Fransiýa, Belgiýa we Germaniýa eksportda esasy orun eýeledi. 11 aýda Fransiýa 4 million 361 müň 360, Belgiýa 3 million 745 müň 655, Germaniýa hem 1 million 91 müň 724 dollarlyk ançous eksport edildi” diýdi.

Gürdogan, şu ýyl Özbegistana, Yraga, Moldowa, Malaýziýa we Somala hem ançous balygynyň eksport edilendigini ýatlatdy.


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #ançous

Degişli Habarlar