Türkiyede işsizlyk görkezijileri peselýär

Türkiyede işsizlik derejesi soňky 11 ýylda iň pes derejesindedir

2075047
Türkiyede işsizlyk görkezijileri peselýär

Türkiyäniň Statistika guramasy oktýabr aýynyň işsizlik görkezijileri barada beýannama berdi. 

Şoňa laýyklykda 15 we ondan ýokary ýaşda bolan adamlaryň işsizlik görkezijileri oktýabr aýynda, sentýabr aýyna garanyňda 163 müň adam azalyp, 2 million 961 müň adama ýetdi. 

Işsizlik görkezijileri bolsa 0,5 göterim azalyp, 8,5 göterim derejesine çenli peseldi. 

Ol bolsa 2012-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri iň pes görkeziji hökmünde hasaba alyndy. 


Etiketkalar: #işsizlik , #Türkiye

Degişli Habarlar