Türk Çaýynyň Eksporty Ösýär

Türk çaýynyň eksport girdejisi ýylyň 11 aýynda 23,6 million dollardan geçdi.

2075665
Türk Çaýynyň Eksporty Ösýär

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gündogan Türiýeden 117 ýurda çaý eksportynyň edilýändigini aýtdy.

2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň aralygynda daşary ýurtlara 4,995 tonna çaý satylyp, 23,6 million dollar girdeji alynandygyny beýan eden Gündogan, geçen ýylyň degişli döwründe eksportyň 5,701 tonna barabar bolup, 19,9 million dollar girdeji alynandygyny aýtdy.

Gündogar Belgiýanyň, Britaniýanyň we ABŞ-nyň esasy çaý alyjysy ýurtlardygyny, degişli döwürde Belgiýa 8,1 million, Britaniýa 2,9 million we ABŞ-na 2,5 million dollara barabar çaýyň eksport edilendigini habar berdi.


Etiketkalar: #ösmek , #eksport , #türk çaýy

Degişli Habarlar