Balykgulak Eksporty 20.5 Million Dollardan Geçdi

Eksportdan 20 million 555 müň 659 dollarlyk girdeji gazanyldy

2077992
Balykgulak Eksporty 20.5 Million Dollardan Geçdi

Türkiýäniň 11 aýlyk balykgulak eksporty 20,5 million dollardan geçdi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, Türkiýeden ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 1873 tonna deňiz balykgulagynyň eksport edilendigini aýtdy.

Eksportdan 20 million 555 müň 659 dollarlyk girdeji gazanylandygyny adýan Gürdogan “Geçen ýyl ady agzalýan döwürde 1836 tonna balykgulap eksport edilipdi we 15 million 478 müň 635 dollarlyk girdeji gazanylypdy” diýdi.

11 aýda 10 ýurda balykgulak eksport edilendigini ýatladan Gürdogan “Günorta Koreýa Respublşkasyna 10 million 507 müň 780 dollarlyk balykgulak eksport edildi. Eksport sanawynda Günorta Koreýadan soň Hytaý 3 million 339 müň 944 dollar bilen ikinji, Ispaniýa hem 2 million 710 müň 11 dollar bilen üçünji orny eýeledi” diýdi.

 

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #balykgulak

Degişli Habarlar