Hýundai Russiýadaky Desgasyny Satar

Koreýa Respublikasynyň awtoulag firmasy “Hýundai” Russiýadaky önümçilik desgasynyň satylmagy hakynda karara geldi.

2078688
Hýundai Russiýadaky Desgasyny Satar

“Hýundaiden” berilen beýannamada, Russiýadaky işleriň 2022-nji ýylyň mart aýyndan bäri saklanandygy ýatladylyp, ýurtdaky önümçilik desgasynyň satylmagy hakynda karar kabul edilendigini habar berildi.

Firmanyň Russşiýadaky “Hýundai hereketlendiriji önümçilik” firmasyndaky ähli paýlaryny “Art-Finans LLC” firmasyna satmak hakyndaky meýilnamany tassyklandygy, “Hýundainiň” “Art-finans” bilen ylalaşygyň soňky detallarynyň üstünde işleýändigi habar berildi.

“Reýter” habarlar gullugy “Hýundainiň” Russiýadaky önümçilik desgasyny satyp, ýitgisini 219,2 million dolar azaltmagyna garaşylýandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar