Türkiýede Adam Başyna Düşýän Milli Girdejini 12 Müň 500 Dollara Ýetireris

Ministr Bolat, Gaziantepde geçirlen Eksport sammitine gatnaşdy.

2080977
Türkiýede Adam Başyna Düşýän Milli Girdejini 12 Müň 500 Dollara Ýetireris

Söwda ministri Ömer Bolat, 2023-nji ýyly 1 trillion dollarlyk milli girdeji bilen tamamlajakdyklaryny we Türkiýede adam başyna düşýän milli girdejini 12 müň 500 dollara ýetirjekdiklerini aýtdy.

Ministr Bolat, Gaziantepde geçirlen Eksport sammitine gatnaşdy.

Türkiýäniň önümçilik we üpjünçilik merkezi hökmünde kabul edilýändigini nygtan Bolat, munyň netijesinde Türkiýäniň eksportynyň artmaga başlandygyny belledi.

Bolat, Söwda ministrligi hökmünde önümçilige, maýa goýuma we iş üpjünçiligine uly ähmiýet berýändiklerini nygtady.

Daşary ýurtlylaryň Türkiýe bilen ýakyndan gyzyklanýandygyna ünsi çeken Söwda ministri Ömer Bolat, “Prezidentimize we ýurdumyza uly sarpa goýulýar. Guraýan saparlarymyzda muny görmek bolar. Ykdysadyýetimiz hem diýseň güýçli” diýdi.

2023-nji ýyly 1 trillion dollarlyk milli girdeji bilen tamamlajakdyklaryny aýdan Bolat, Türkiýede adam başyna düşýän milli girdejini 12 müň 500 dollara ýetirjekdiklerini belledi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar