Inflýasiýany Bir Öýjükli Sanlara Düşürmegi Maksat Edinýäris

Prezident R.T.Erdogan önümçilikden, iş üpjünçiliginden we ykdysady ösüşden egilşik etmän, inflýasiýany bir öýjükli sanlara düşürmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

2083294
Inflýasiýany Bir Öýjükli Sanlara Düşürmegi Maksat Edinýäris

2023-nji ýylyň eksport görkezijileri bilen bagly çärä gatnaşan Prezident Erdogan; “Merkezi Türkiýede, emma global perspektiwaly düşünjä laýyklykda daşary syýasatymyzy ugrukdyrdyk, ondan yza gaýdyş bolmaz” diýdi.

Önümçilikden, iş üpjünçiliginden we ykdysady ösüşden egilşik etmän inflýasiýany bir öýjükli sankara düşürmegi maksat edinýändiklerini nygtan Erdogan; “Inflýasiýa meselesini raýatlarymyzyň gündelik durmuşyndan çykararys” diýdi.

2023-nji ýylyň eksportunyň öňki ýyl bilen deňeşdirilende 0,6 göterim ýokarlap, 255,809 000 000 dollara barabar bolup, Respublika taryhynyň rekorduny goýandygyny aýdan Erdogan, iýul, awgust, oktýabr, noýabr we dekabr aýlarynda iň ýokary eksport sanlaryna ýetilendigini ýatlatdy.

Erdogan; “2023-nji ýylyň oktýabr aýynda hyzmatlaryň ýyllyk eksporty taryhy rekord dereje bilen 99,5 milliard dollara barbar boldy” diýdi.

Prezident Erdogan “Maksadymyz türk önümlerini bütin dünýä ýetirmek, eksportçylarymyzy ähli ýurtlara ugratmak” diýdi.



Degişli Habarlar