45 Ýurda Losos Balygy Eksport Edildi

396 million 315 müň 453 dollarlyk losos balygy eksport edildi

2085111
45 Ýurda Losos Balygy Eksport Edildi

Türkiýäniň losos eksporty 2023-nji ýylda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9 göterim artyp, 396 million 315 müň 453 dollara barabar boldy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, 2022-nji ýylda 363 million 102 müň 216 dollarlyk losos balygy eksport edildi.

Şol san 2023-nji ýylda bolsa 396 million 315 müň 453 dollara barabar boldy.

2022-nji ýylda 49 müň 196 tonnai 2023-nji ýylda bolsa 63 müň 161 tonna losos balygy eksport edildi.

Losos eksportunda Russiýa esasy orun eýeledi.

Russiýa 41 müň 461 tonna losos balygy eksport edildi.


Etiketkalar: #eksport , #losos balygy

Degişli Habarlar