Türkiye 2023-nji ýylda däneli we kösükli ekinleriň eksportyny artdyrdy

Türkiye 2023-nji ýylda 12,4 milliard dollarlyk däneli we kösükli ekinleriniň eksportyny amala aşyrdy

2085311
Türkiye 2023-nji ýylda däneli we kösükli ekinleriň eksportyny artdyrdy

Günorta-gündogar Anadoly eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen maglumata görä däneli, kösükli, ýagly tohumlar we olaryň önümleriniň pudagy 2023-nji ýylda dünýäniň 213 ýurduna we erkin söwda zolagyna 14 million 673 müň 959 tonna önüm satdy.  

Amala aşyrylan eksportdan 12 milliard 380 million 538 müň dollar girdeji alan pudagyň şol wagt aralygyndaky eksporty, 2022-nji ýyla garanyňda mukdar boýunça 36 göterim, gymmatlygy boýunça bolsa 8 göterim artdy. 

Pudak iň köp eksporty 4 milliard 617 million 524 müň dollar bilen Ýakyn Gündogar ýurtlaryna amala aşyrdy. Ýakyn Gündogar sebitinden soň 2 milliard 787 million 329 müň dollar bilen Afrika sebiti, 1 milliard 630 million 585 müň dollar bilen Ýewropa sebiti gelýär. 



Degişli Habarlar