Türkiýäniň Bal Eksporty 32 Million Dollara Barabar Boldy

Türkiýe,  59 ýurda 2023-nji ýylda 9 müň 383 tonna bal eksport etdi.

2086330
Türkiýäniň Bal Eksporty 32 Million Dollara Barabar Boldy

Türkiýe, bal eksportundan geçen ýyl 32 million dollarlyk girdeji gazandy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, dünýäniň bal önümçiliginde Hytaýdan soň ikinji, eksportunda bolsa dokuzynjy orny eýeleýän Türkiýe,  59 ýurda 2023-nji ýylda 9 müň 383 tonna bal eksport etdi.

Ady agzalýan döwürde bal eksportundan 31 million 907 müň 291 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Bal eksportunda 12 million 461 müň 373 dollar bilen ABŞ birinji orny eýeledi.

ABŞ-dan soň sanawda Germaniýa 4 million 881 müň 378 dollar bilen ikinji, Ysraýyl bolsa 3 million 683 müň 977 dollar bilen üçünji orny eýeledi.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #bal

Degişli Habarlar