Türkiýe Geçen Ýyl 408 Million Dollarlyk Kak Erik Eksport Etdi

ÝB-de geografik belgili bolan Malatýa erigi, ýurduň ykdysadyýetine goşýan walýuta goşandy bilen hem öndüriciniň hem-de eksportçynyň ýüzüni güldürýär.

2086298
Türkiýe Geçen Ýyl 408 Million Dollarlyk Kak Erik Eksport Etdi

Malatýanyň Söwda biržasynyň görkezicilerine görä geçen ýyl ABŞ-nyň başda durmagynda Fransiýa, Germaniýa, Britaniýa, Awstraliýa, Braziliýa, Gollandiýa, Russiýa, Ysraýyla, İtaliýa, İspaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Kanada we Müsür bilen bilelikde 115 ýurda 70,869 tonna kak erik eksport edilip, 408 million dollarlyk girdeci alyndy.

Öňki ýyl 76,036 tonna barabar eksport bilen 400 million 740 müň dollarlyk girdeci getiren erik, 9 göterim az önüm satylandygyna garamazdan girdecisini 2 göterim ýokarlandyrdy.



Degişli Habarlar