Türkiye eksportyny iň köp artdyran ýurdy BAE boldy

Türkiyäniň geçen ýyl gymmatlygy boýunça eksportyny iň köp artdyran ýurdy Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) boldy

2089470
Türkiye eksportyny iň köp artdyran ýurdy BAE boldy

Türkiyäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan berilen maglumata görä Türkiýäniň geçen ýyl gymmatlygy boýunça eksportyny iň köp artdyran ýurdy 2 milliard 269 million dollar bilen Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) boldy.

BAE-den soň 1 milliard 776 million dollar bilen Russiýa Federasiýasy, 1 milliard 325 million dollar bilen saud Arabystany, 889 million dollar bilen Fransiýa, 606 million dollar bilen Alžir boldy. 

Türkiye 2023-nji ýylda Russiýa Federasiýasyna 9 milliard 424 million dollar, Saud Arabystanyna 2 milliard 274 million dollar, Fransiýa 9 milliard 736 million dollar, Alžire 2 milliard 518 million dollar gymmadynda daşary satuw amala aşyrdy. 

Geçen ýyl BAE 5 milliard 915 million dollar bilen Türkiyäniň iň köp eksport amala aşyran 11-nji ýurt boldy. 

Türkiyäniň 2023-nji ýylda iň köp daşary satuw amala aşyran ýurdy 18 milliard 462 million dollar bilen Germaniýa, 12 milliard 197 million dollar bilen ABŞ, 11 milliard 444 million dollar bilen Beýik Britaniýa, 11 milliard 200 million dollar bilen Italiýa, 9 milliard 755 million dollar bilen Yrak döwletleri boldy. 


Etiketkalar: #BAE , #eksport , #Türkiye

Degişli Habarlar