Ispaniýa 2023-nji ýylda 84 million syýahatçy bilen rekord goýdy

Hereu örän aýratyn daşarky faktor bolmasa 2024-nji ýylda syýahatçy sanynda we syýahatçylyk pudagyndan alynjak girdejide rekorda garaşýandyklaryny mälim etdi

2091708
Ispaniýa 2023-nji ýylda 84 million syýahatçy bilen rekord goýdy

Ispaniýanyň Senagat we syýahatçylyk ministri Hordi Hereu 2023-nji ýylda ýurda dynç almaga gelen syýahatçylaryň sanynyň 84 million adamdan geçendigini we onuň bolsa häzirki wagta çenli bolan iň ýokary görkezijidigini habar berdi. 

Metbugata beýannama beren Hordi Hereu täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan ozal 2019-njy ýylda ýetilen iň köp syýahatçy sanynyň, 2023-nji ýylda 1 göterime çenli artdyrylandygyny, 2022-nji ýyla garanyňda bolsa 19 götermlik artyş bolandygyny mälim etdi. 

Statistika görä ýurda häzirki wagta çenli dynç almaga gelen iň köp syýahatçynyň 2019-njy ýylda 83,5 göterimdigini aýdan Ispaniýanyň Senagat we syýahatçylyk ministri Hordi Hereu şol görkezijiniň 2023-nji ýylda 84 million adama ýetendigini aýan etdi. 

Hordi Hereu mundan başgada 2023-nji ýylda syýahatçylyk pudagyndan alynan girdejiniň 108 milliard ýewrodan geçendigini, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende 2019-njy ýylla garanyňda 17,4 göterim, 2022-nji ýyla garanyňda 23,8 göterim artandygyny habar berdi. 

Ispaniýanyň Senagat we syýahatçylyk ministri Hordi Hereu örän aýratyn daşarky faktor bolmasa 2024-nji ýylda syýahatçy sanynda we syýahatçylyk pudagyndan alynjak girdejide rekorda garaşýandyklaryny mälim etdi. 



Degişli Habarlar