Gabarda Nebit Önümçiligi Artdy

Gabar dagy sebitinde günlük nebit önümçiligi 35 müň barrel bilen rekord goýuldy.

2093919
Gabarda Nebit Önümçiligi Artdy

Şyrnak welaýatynyň Gabar dagy sebitinde günlük nebit önümçiligi 35 müň barrel bilen rekord goýuldy.

Türkiýe Nebitleri Anonim firmasy TPAO-nyň sosial mediadan beren habarnamasynda “Şyrnak dagy sebitinde täze açylan guýular bilen birlikde jemi 28 guýuda günlük nebit önümçiligi 35 müň 61 barrele ýetdi.  2024-nji ýylyň ahyryna çenli nebit önümçiligini günlük 100 müň barrele ýetirmegi maksat edinýäris. Halkymyzyň goldaw bermeginde maksadymyza ýetmek üçin arman-ýadaman işleýäris” diýildi.

 



Degişli Habarlar