Rizeden 10 Million 248 Müň 886 Dollarlyk Çaý Eksport Edildi

Çaý eksporty geçen ýyl 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 29 göterim artdy.

2094803
Rizeden 10 Million 248 Müň 886 Dollarlyk Çaý Eksport Edildi

Rizeden 2023-nji ýylda 10 million 248 müň 886 dollarlyk çaý eksport edildi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä, çaý eksporty geçen ýyl 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 29 göterim artdy.

Belgiýanyň, DKTR-nyň we ABŞ-nyň başda durmagynda birnäçe ýurda jemi 10 million 248 müň 886 dollarlyk çaý eksport edildi.

2023-nji ýylda Rizenden Belgiýa 2 müň 21 tonna çaý eksport edilip 8 million 48 müň 28 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Belgiýadan soň eksport sanawynda 414 müň 46 dollar bilen DKTR ikinji, 327 müň 488 dollar bilen ABŞ üçünji orny eýeledi.

2022-nji ýyldan tapawutly ýagdaýda geçen ýyl Polşa, Kongo Demokratik Respublikasyna, Türkmenistana, Malaýziýa, Belarusa, Çeh Respublikasyna we Şweýsariýa hem çaý eksport edildi.

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #çaý

Degişli Habarlar