Türkiye geçen ýyl 70 ýurda eksport etmekde rekord goýdy

Türkiyäniň Söwda ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, eksportyň Respublikanyň 100-nji ýylynda 255,8 milliard dollar bilen rekord derejä ýetendigi ýatladyldy

2095238
Türkiye geçen ýyl 70 ýurda eksport etmekde rekord goýdy

Global eksportdan alynan paýyň 2002-nji ýylda 0,55 göterim bolandygy ýatladylan beýanatda, şol paýyň 2022-nji ýylda 1,02 göterim, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda 1,06 göterim derejesine çenli ýokarlandygy mälim edildi. 

Geçen ýyl 240-dan gowrak ýurda we gümrük sebitine 12 müň 886 önümiň ýetirilendigi we şol ýurtlaryň 70-sine taryhyň iň ýokary eksportynyň amala aşyrylandygy bellenen beýanatda: "Iň möhüm hyzmatdaşymyz bolan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda dünýäden importy 16,1 göterime çenli aşaklan bolsa, ýurdumyzyň ÝB-ne ýerine ýetiren eksporty 2023-nji ýylda 2022-nji ýyla garanyňda 1,2 göterimlik artyş bilen 104,3 milliard dollara ýetdi" diýip habar berildi. 

Beýanatda soňky ýyllarda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň artan Ýakyn Gündogar sebitine eksportyň geçen ýyl 2,2 göterimlik artyş bilen 46,2 milliard dollara ýetendigi nygtalyp, Türki Dilli Döwletlere eksportyň geçen ýyl 26,9 göterimlik artyş bilen 10,2 milliard dollara ýetendigi we taryhy rekorda ýetilendigi aýan edildi. 

Beýanatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlara eskportyň geçen ýyl 3,68 göterimlik artyş bilen 67,3 milliard dollara ýetendigi we täze bir rekorda ýetilendigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #import , #Türkiye , #eksport

Degişli Habarlar