Türkiýäniň Eksporty 255 Milliard 777 Million Dollara Barabar Boldy

Türkiýäniň importy bolsa 0,5 göterim azalyp 361 milliard 774 million dollara barabar boldy.

2095748
Türkiýäniň Eksporty 255 Milliard 777 Million Dollara Barabar Boldy

Türkiýäniň eksporty, 2023-nji ýylda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 0,6 göterim artyp 255 milliard 777 million dollara barabar boldy.

Türkiýäniň importy bolsa 0,5 göterim azalyp 361 milliard 774 million dollara barabar boldy.

Söwda ministrligi bilen Türkiýäniň hasabat guramasynyň  2023-nji ýylyň dekabr aýyndaky görkezijilerine görä, eksport dekabr aýynda 2022-nji ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende 0,4 göterim artyp 23 milliard dollara, importy bolsa 11 göterim azalyp 29 milliard 39 million dollara barabar boldy.

Daşary söwda defisiti 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ýyllyk 37,8 göterim azalyp 9 milliard 713 million dollardan 6 milliard 39 million dollara çenli aşaklady.

 

 


Etiketkalar: #eksport , #import

Degişli Habarlar