Türk losos balygynyň eksporty artdy

Türk losos balygynyň eksportyndan ýyllyk görkezijilere görä 59 göterim artyp 11 millin dollardan gowrak girdeji alyndy

2098470
Türk losos balygynyň eksporty artdy

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, Gündogar Gara deňiz sebitinden dünýäniň 10 ýurduna 2 müň 251 tonna türk losos (Gyzylbalyk) balygynyň eksport edilendigini habar berdi. 

Şol eksportdan 11 million 240 müň 719 dollar girdeji alynandygyny aýdan Gürdogan, eksportdan geçen ýyl 914 tonna üçin 7 million 77 müň 917 dollar girdeji alynandygyny, şu ýyl geçen ýyl bilen deňeşdirilende bolsa mukdar boýunça 146 göterimlik, gymmatlyk taýdan bolsa 59 göterim artyş bolandygyny mälim etdi. 

Ahmet Hamdi Gürdogan: "Sebitimizden şu ýylyň ilkinji aýynda 10 ýurda türk losos balygy eksport edildi. Şol ýurtlaryň arasynda Russiýa Federasiýasy, Wýetnam we Ýaponiýa ýaly ýurtlar sanawyň ilkinjileridir. Russiýa Federasiýasyna 6 million 859 müň 369 dollarlyk, Wýetnama 2 million 706 müň 33 dollarlyk we Ýaponiýa 1 million 266 müň 514 dollarlyk losos balyk eksport edildi" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #eksport , #balyk , #losos

Degişli Habarlar