Türkiyäniň Senagat önümçiligi artdy

Türkiyäniň Senagat önümçiliginiň indeksi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda aýlyk görkezijilere görä 2,4 göterim artan bolsa, ýyllyk görkezijilere görä 1,6 göterim artdy

2100003
Türkiyäniň Senagat önümçiligi artdy

Türkiyäniň Statistika guramasy 2023-nji ýylyň dekabr aýy bilen bagly senagat önümçilik indeksiniň netijelerini aýan etdi. 

Şoňa laýyklykda senagat pudagynyň bölümleri gözden geçirilende, dekabr aýynda magdan we karýer pudagynyň indeksi 2022-nji ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende 1,2 göterim azalan bolsa, önümçilik senagat pudagynyň indeksi 2,1 göterim we elektrik, gaz, bug we kondisioner önümçiligi we paýlanşygy pudagynyň indeksi bolsa 4,5 göterim artdy.

Dekabr aýynda magdan we karýer pudagynyň indeksi noýabr aýyna garanyňda 0,7 göterim azaldy, önümçilik senagat pudagynyň indeksi 2,9 göterim artdy we elektrik, gaz, bug we kondisioner önümçiligi we paýlanşygy pudagynyň indeksi 0,1 göterim azaldy. 



Degişli Habarlar