Türkiýede Işsizleriň Sany Azaldy

Işsizleriň sany 2023-nji ýylyň noýabr aýy bilen deňeşdirilende 12 mün adam azaldy

2101115
Türkiýede Işsizleriň Sany Azaldy

Türkiýede işsizleriň sany 2023-nji ýylyň dekabr aýynda noýabr aýy bilen deňeşdirilende 0,1 bal azalyp 8,8 göterime barabar boldy.

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň iş güýji hakyndaky görkezijilerine görä, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Türkiýede 15 ýaşyndan ýokary bolan topardaky işsizleriň sany 2023-nji ýylyň noýabr aýy bilen deňeşdirilende 12 mün adam azalyp 3 million 98 müň adam boldy.

Işsizleriň sany şeýlelikde noýabr aýy bilen deňeşdirilende 0,1 göterim azalyp 8,8 göterime barabar boldy.



Degişli Habarlar