Afrikaly işewür adamlar türk kärhanalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirýärler

Afrikanyň 54 tapawutly ýurdundan Stambula gelen işewür adamlar türk kärhanalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirýärler

2108136
Afrikaly işewür adamlar türk kärhanalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirýärler

10-njy Bütindünýä Pudakara hyzmatdaşlyk forumy (WCI FORUM - World Cooperation Industries Forum) Stambulda öz işine başlady. 

WCI FORUM 1,5 milliard golaýlan ilaty, ýyllyk 1 trillion dollara golaýlan import mümkinçiligi bilen täze bazar gözleginde bolan Afrikanyň 54 ýurdundan gelen 1640 işewür adamy Türkiyeden 553 öndüriji we eksportçy bilen bir ýere jemledi. 

Forum Afrika bilen Tükriyäniň arasyndaky täze hyzmatdaşlyklary ýola goýup, Afrika açylmak isleýän ýa-da söwda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýän türk kärhanalaryna Afrika ýurtlarynda ýolbelet bolmak bilen birlikde, afrikaly kärhanalar üçin hem türk bazarynda girdeji al-girdeji al ýörelgesine laýyklykda söwda mümkinçiliklerini hödürleýär. 

Forum 2 gün dowam eder. 


Etiketkalar: #Türkiye , #wekil , #Stambu , #Afrika , #forum

Degişli Habarlar