Türk Firmalary Katarda Geçirilýän DIMDEX Sergisine Gatnaşýar
Sergä goranyş senagaty pudagy boýunça iş alyp barýan 39 türk firmasy gatnaşýar.
2110766
Türkiýe, Kataryň paýtagty Dohada geçirilýän Halkara Deňiz goranyş sergisine we konferensiýasyna gatnaşýar.
DIMDEX 2024 sergisi Katarda mart aýynyň 4-6-sy aralygynda geçirilýär.
Sergä goranyş senagaty pudagy boýunça iş alyp barýan 39 türk firmasy gatnaşýar.
Şu ýyl 8-njisi geçirilýän we üç gün dowam etjek sergide türk goranyş firmalarynyň öndüren uçarmansyz gury we howa ulaglary, sowutly ulaglar, ýarag ulgamlary, ok-däri we logistiki goldaw enjamlary sergilener.
Türkiýeden sergä gatnaşýan 39 firma howa, gury ýer, deňiz we ýarag ulgamlary boýunça halkara derjesinde edilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Degişli Habarlar
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Polşa tabşyryldy