Türkiyede awtoulag satuwy fewral aýynda rekord derejä ýetdi

Türkiyede awtoulag satuwy fewral aýynda 2023-nji ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende 30,6 göterim artyp, ähli wagtlaryň fewral aýlarynyň rekordyny täzeledi

2110872
Türkiyede awtoulag satuwy fewral aýynda rekord derejä ýetdi

Geçen fewral aýynda ýurtda 105 müň 990 awtoulag we ýeňil ulag satyldy. Ol bolsa ähli wagtlaryň fewral aýynyň rekordy hökmünde hasaba alyndy. 

Fewral aýynda awtoulag satuwy 39,67 göterim artyp, 82 müň 277-e, ýeňil ulaglar bolsa 6,6 göterim artyp 23 müň 713-e ýetdi. 

Awtoulag we ýeňil ulag satuwy 10 ýyllyň fewral aýynyň ortaça satuwyna görä 112,6 göterim ösüş etdi. 


Etiketkalar: #rekord , #satuw , #awtoulag , #Türkiye

Degişli Habarlar