Losos Eksporty 74 Göterim Artdy

11 ýurda 3 müň 779 tonna türk losos balygy eksport edildi

2111287
Losos Eksporty 74 Göterim Artdy

Gündogar Gara deňiz sebitinden ýanwar-fewral aýlaryny öz içine alýan döwürde 11 ýurda 3 müň 779 tonna türk losos balygy eksport edildi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, sebitden 11 ýurda 3 müň 779 tonna türk losos balygynyň eksport edilendigini aýtdy.

Eksportdan 19 million 45 müň 787 dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Gürdogan, eksportyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 74 göterim artandygyny belledi.

Losos eksportunda Russiýa birinji orny eýeledi.

Eksport sanawynda Russiýa 11 million 41 müň 202 dollar bilen birinji, 5 million 201 müň 837 dollar bilen Wýetnam ikinji, 2 million 51 müň 191 dollar bilen Ýaponiýa üçünji orny eýeledi.

 



Degişli Habarlar