"Türkiye 2003-nji ýyldan bäri 262 milliard dollarlyk maýa goýumy özüne çeken bir ýurt"

Prezidentiň maýa goýum edarasynyň başlygy Burak Daglyogly: "Türkiye 2003-nji ýyldan bäri 262 milliard dollarlyk maýa goýumy özüne çeken bir ýurt" diýip habar berdi

2111614
"Türkiye 2003-nji ýyldan bäri 262 milliard dollarlyk maýa goýumy özüne çeken bir ýurt"

Halkara Maýa goýumçylar jemgyýeti tarapyndan geçirilen 43-nji nobatdaky baş geňeşiň maslahatynda çykyş eden Prezidentiň maýa goýum edarasynyň başlygy Burak Daglyogly Türkiyäniň 2003-nji ýylda 3 müň dollar bolan adam başyna düşýän milli girdejisi bilen orta pes girdejili ýurtlaryň hatarynda bolandygyny belläp: "Indi 13 müň dollar bolan adam başyna düşýän milli girdejisi bilen orta ýokary girdejili ýurtlaryň hatarynda. Türkiye şol wagtlar dünýä söwdasyndan takmynan 0,005 hem az paý alan ýurt bolan bolsa, indi 1,1 göterimden gowrak eksport paýy bilen umumy paýyny artdyrdy" diýip mälim etdi.

Burak Daglyogly Türkiyäniň 2003-nji ýyldan bäri 262 milliard dollarlyk maýa goýumy özüne çeken bir ýurtdygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar